Azat Türkmen #229. 3-nji bölüm: Palestin tragediýasy we bilinmeli hakykatlar.

Azat Turkmen
Azat Turkmen
6.3 هزار بار بازدید - 8 ماه پیش - Palestinanyň Gaza sektorynda "HAMAS-a garşy
Palestinanyň Gaza sektorynda "HAMAS-a garşy göreş" bahanasy bilen sionist Ysraýyl döwleti parahat ilaty gyrgynçylyga bermegini dowam etdirýär. Bu gyrgynçylygy "wagşylyk", "genosid" we "uruş jenaýatçylygy" ýaly terminlerden başga terminler bilen beýan etmek mümkin däl. Bir aýdan sahel gowrak wagtyň dowamynda Ysraýyl tarapyndan öldürilen parahat ilatyň sany eýýäm 11 müňe yetdi. Eýsem nädip beýle gyrgynçylyk dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde ýol alyp bilýär? Näme üçin günbatar ýurtlarynyň, şol sanda ABŞ-nyň döwlet ýolbaşçylary we resmileri Ysraýylyň amala aşyrýan bu gyrgynçylygyny ýazgarmagyň we onuň öňüni almagyň ýerine gaýta, tersine, onuň öňüni almak ugrunda edilýän tagallalara-da päsgelçilik döretmäge çalyşýarlar? Üstesine, geçen hepde ABŞ-nyň Kongresi Ysraýylyň alyp barýan bu harby operasiýalaryny goldamak maksady bilen oňa 14,5 milliard dollar maliýe ýardamyny bermegi-de karar etdi. Eýsem bu wakalaryň nähilidir bir logiki we taryhy düşündirişleri barmy? "Palestin tragediýasy we bilinmeli hakykatlar" atly gepleşikler tapgyrymyzyň 3-nji bölüminde biz şu meselä giňişleýin analiz bermegimizi dowam etdirýäris.  
---------------------------------
Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: [email protected]
8 ماه پیش در تاریخ 1402/08/20 منتشر شده است.
6,310 بـار بازدید شده
... بیشتر