Azat Türkmen #227. 1-nji bölüm: Palestin tragediýasy we bilinmeli hakykatlar.

Azat Turkmen
Azat Turkmen
6.3 هزار بار بازدید - 8 ماه پیش - HAMAS toparynyň 7-nji oktýabrda amala
HAMAS toparynyň 7-nji oktýabrda amala aşyran hüjümini bahanalap, sionistleriň palestinlilere garşy ýola goýan gyrgynçylygyny "wagşylyk", "genosid" we "uruş jenaýatçylygy" ýaly terminlerden başga terminler bilen beýan etmek mümkin däl. Bir aýdanam gysga wagtyň dowamynda Ysraýyl tarapyndan öldürilen parahat ilatyň sany eýýäm 10 müňdenem geçdi. Eýsem nädip beýle gyrgynçylyk dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň öňünde ýol alyp bilýär? Näme üçin günbatar ýurtlarynyň, şol sanda ABŞ-nyň döwlet ýolbaşçylary we resmileri Ysrayylyň amala aşyrýan bu gyrgynçylygyny ýazgarmaga we onuň öňüni almaga asla howlukmaýarlar? Gaýta, tersine, näme üçindir munuň öňüni almak ugrunda edilýän tagallalara-da hut şol günbatar ýurtlary päsgelçilik döretmäge çalyşýarlar. Üstesine, geçen hepde ABŞ-nyň Kongresi Ysraýylyň alyp barýan bu harby operasiýalaryny goldamak maksady bilen oňa 14,5 milliard dollar maliýe ýardamyny bermegi karar etdi. Eýsem bu wakalaryň nähilidir bir logiki we taryhy düşündirişi barmy? "Palestin tragediýasy we bilinmeli hakykatlar" atly geplesikler tapgyrymyzda biz şu meselä giňişleýin analiz berýäris.  
---------------------------------
Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: [email protected]
8 ماه پیش در تاریخ 1402/08/15 منتشر شده است.
6,340 بـار بازدید شده
... بیشتر