Ahyrzaman Içinde - Altyazılı Türkmen Türküsü. Turkmen Song with English Subtitles

TheFenerbahceSK
TheFenerbahceSK
7.4 هزار بار بازدید - 4 سال پیش - Ahyrzaman Içinde - Türk we
Ahyrzaman Içinde - Türk we iňlis astýazgylar bilen Türkmen halk aýdymy
Ahırzaman Içinde - Türkmençe şarkı Türkçe altyazılı. Türkmen halk şarkısı
In the end times - Turkmen folk song with Turkish and English Subtitles
В конце времен - туркменская народная песня с турецкими и английскими субтитрами.
در آخرالزمان - آهنگ محلی ترکمن با زیرنویس ترکی و انگلیسی

Mammetveli Kemine, Mehmetveli, Mämmetweli, Mammetveli, کمینه

Däli göwni neýlär sen,
Garyp göwni neýlär sen,
Ýetdiň, jahan içinde,  
Sen toprakdan eýlendiň
Göwheri jan içinde
-
Abat diýip, el urduñ, düýbi weýran içinde,
Rüstem guma garylyp, galdy ýegsan icinde,
Sen olaryň ýanynda,
Geçmersiň ynsan içinde,
-
Lä ilähe sen sakla, ýa hudaýjan sen sakla
garakcyda ýollarda, saga sola çakarlar,
suw akmaýan cöllerde,
-
Göwnüň dünýä gamynda, haram sözler dillerde,
Men bir ejiz bende men, Kemine men gullarda,
Kän günäler gazandym, az pursatly ýyllarda,
Gyjalata goýmagyl ýagşy ýaman içinde!
-
Eý, ýaranlar, ol dünýä
Jan agalar, ol dünýä
Baran bar-da, gelen ýok,
Öli diri halyndan habar, hatyr bilen yok,
-
Çarhy-pelek elinden aglan bar-da gülen ýok,
Akyl ediñ, gardaşlar, könelerden galan ýok,
Bu dünýäniñ wepasy ýokdur diysem, ýalan ýok,
Dünýäge bil baglagan, galdy zyýan icinde.
-
Dünýelik diýip ýugrar sen,
Baýlyk diýip ýortar sen,
Tä iciñde dem bardyr,
Dem iciñden çykýänça,
Başyñda müñ gam bardyr,
-
Gam astynda galyp sen,
Ne oña melhem bardyr,
Doýmaz gözüñ dolmaga,
Bir goşawuç gum bardyr,
-
Eý akylsyz, adamzat,
Senden gapyl kim bardyr?
Gurt, guşlara nazar sal,
Külli perman icinde.
-
Magtymguly, aldaýyr ýoly pelek bezenip,
Göwnüňni maýyl kylma oña garşy düzenip,
-
Ne parahat ýatar sen, el aýagyñy uzanyp,
Ajal ýatyr ýanyñda okun-ýaýyn gezenip,
Magşar güni barawer imanyňny gazanyp,
Gury geldiñ, boş gitme ahyrzaman icinde!
4 سال پیش در تاریخ 1399/11/05 منتشر شده است.
7,400 بـار بازدید شده
... بیشتر