HG: Mollalar Gurbanlyk sadakalarynyň ‘dilegçilere däl-de, metjitlere berilmegini’ ündeýär

Azatlyk Radiosy
Azatlyk Radiosy
3.4 هزار بار بازدید - پارسال - Bu günki programmamyzda: - Turkmenistanda
Bu günki programmamyzda:

- Turkmenistanda mollalar, dindarlardan Gurbanlyk sadakalaryny “el serýän adamlara” däl-de, metjidiň özünde dikilen sandyklara oklamagy soraýarlar.

- Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenbaşynyň şäher häkimliginiň tagallalary bilen ýerli döwlet dükanlarynda ilatyň ýeňillikli ýag paýlary paýlandy. Her hojalyga üç litrden paýlanan pagta ýagy nobata ýazylan adamlaryň hemmesine ýetmedi. Dükanlardan ýag almagy başaran adamlardan öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa jan-saglyk arzuw etmek tabşyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 26-njy iýunda sebitden habar berdi.

- Balkan welaýatynda uçar, otly we awtobus biletleriniň ýiti gytçylygy emele geldi. Gytçylygyň ýitileşmegine, diňe onlaýn görnüşde satylýan biletleriň ikinji taraplar tarapyndan satyn alnyp, "gara bazarda" satylmagy we Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň başlanmagy goşant goşdy.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp:  +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#bilet_gytçylygy #türkmenistan #biletler #payok #ykdysadykrizis #dükanlar #türkmenistan #ýag #sadaka #gurban_baýramy
پارسال در تاریخ 1402/04/07 منتشر شده است.
3,456 بـار بازدید شده
... بیشتر