Azat Türkmen #214. Farhat hakyndaky rowaýatlar we hakykatlar.

Azat Turkmen
Azat Turkmen
43.1 هزار بار بازدید - پارسال - Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýede
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýede iş alyp barýan türkmen blogeri we aktiwisti Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew) 19-njy maýda agşmlyk Stambul şäherinde tussag edildi. Şondan birnäçe gün geçensoň ynsan hukuklaryny goraýjy bir topar tarapyndan hakyna tutulan garaşsyz adwokatyň Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň resmi dokumentlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, Farhat Meýmankulyýew tussag edilmeginiň ertesi güni Türkmenistana deportasiýa edilipdir. Emma özüni Farhat Meýmankulyýewiň doganoglany diýip tanadýan "Ýunus" lakamly bir gümürtik şahsyýet şu günki güne çenli Farhadyň Türkiýededigini tekrarlap gelýär, onuň bu pikirini özlerini “türkmen oppozisiýasynyň lideri diyip” atlandyrýan käbir şahsyýetlerem goldap we tassyklap gelýärler. Eýsem bu mglumatlardan haýsysy hakykata has ýakyn? Berilýän maglumatlaryň şeýle gapma-garşylykly bolmagy näme bilen baglanyşykly bolup biler? Bu gezekki gepleşigimizde biz şu mesela syn berýäris.        
------------------------------------
Habarlaşmak üçin biziň elektron adresimiz: [email protected]
پارسال در تاریخ 1402/03/14 منتشر شده است.
43,171 بـار بازدید شده
... بیشتر